Ykdysadyýetde Birinji 10-luga Goşulmagyň Hötdesinden Geleris

Prezident R.T.Erdogan ykdysadyýetde birinji 10-luga goşulmagyň hötdesinden geljekdiklerini aýtdy

1525243
Ykdysadyýetde Birinji 10-luga Goşulmagyň Hötdesinden Geleris

Prezident Erdogan Türkiýäni göterim, walýuta kursy, inslýasiýa gandaly bilen döwrebap kappituliasiýalara mejbur etmek isleýänlere garşy taryhy göreş alyp barýandyklaryny beýan etdi.

Erdogan paýtagt Ankarada Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde Atatürk adyndaky Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasy tarapyndan guralan hatyralama çäresinde çykyş etdi.

Prezident Erdogan: “Gahryman Atatürkin maslahatyna laýyklykda ylmyň we akylyň ýoly bilen gidip, onuň hatyrasyna ýaşatmagyň deregine ony dogmalaşdyrmak arkaly mirasynyň içi boşatmaga synanşýanlary milletimiziň ygtyýaryna tabşyrýarys” diýdi.

“Türkiýäni göterim, walýuta kursy, inslýasiýa gandaly bilen döwrebap kappituliasiýalara mejbur etmek isleýänlere garşy taryhy göreş alyp barýarys” diýen Prezident: “Ykdysadyýetde dünýäniň birinji 10-lugyna goşulmagyň hötdesinden geleris. Onuň Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy gahryman M.K.Atatürke iň uly sowgat boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar