Türk Halky Atasyny Uly Hormat Bilen Hatyralaýar

Şu gün 82 ýyl ozal Türkiýe Respublikasynyň esaslandyran we ilkinji Prezident M. K. Atatürkiň dünýeden öten günü

1524976
Türk Halky Atasyny Uly Hormat Bilen Hatyralaýar
10 kasim anma2.jpg
10 kasim anma1.jpg
10 kasim anma.jpg

Başladan Milli Azat Edijilik söweşi bilen (1919-1923) ilki Anadolyny basyp alyşlykdan azat eden, soň ähli ugurlarda durmuşa geçiren ynkylaplary bilen döwrebap Türkiýäniň düýbüni tutan Beýik Baştutany hormatlamak bilen, 82 ýyl ozal baky uka giden wagty bolan ýerli wagt bilen 09-.05-de ýurduň çar tarapynda göýä diýersiň durmuş durdy. 

Türk halky 1 minut dymyşlyk edip Beýik Baştutany hatyralady.

Şol minutlarda döwlet ýolbaşçylary, Beýik Baştutanyň guburynyň ýerleşýän ýeri bolan Atatürkiň aramgägine bardy.

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky döwlet ýolbaşçylary, Atatürkiň ruhuna baş egip, hormatly dymyşlyk etdi.

Atatürkiň aramgähi soň halka açyldy. 82 ýyl ozal bolşy ýaly şu gün hem müňlerçe adam Atasyny görmek üçin nobata durdy.



Degişli Habarlar