Şyrnak welaýatynda 3 terrorçy Howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi
Türkiýäniň Içeri işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi, aralarynda 21 ýyl bäri terror guramasynyň düzüminde bolan PKK-a agza 3 terrorçynyň Şyrnak welaýatynd edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini habar berdi.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terror guramanyň düzüminde gaçýan terrorçylaryň sanynyň barha köpelýändigi mälim edildi.
Beýanatda: "Içeri işler ministrliginiň koordinasiýasy esasynda Içeri işler edarasy we Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi tarapyndan edilen tagallalaryň netijesinde, terror guramasy PKK/KJK-nyň düzümine 1999-njy ýylda, 2007-nji ýylda we 2009-njy ýylda goşulan 3 terrorçy Şyrnak welaýatynda Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi" diýip aýan edildi.
Howpsuzlyk güýçleriniň eden tagallalarynyň netijesinde ÝPG/PKK-a agza ýene-de bir terrorçynyň Siriýa serhedindäki Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda Howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigi beýan edildi.
Degişli Habarlar

Koronawirus epidemiýasyna garşy göreş dowam edýär
Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri ýogalanlaryň sany 29 müň 94 adama ýetdi