Fuat Oktaý Izmirdäki gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan toparlara minnetdarlyk bildirdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Izmirde gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan toparlara sag bolsun aýtdy

1521812
Fuat Oktaý Izmirdäki gözleg we halas ediş işlerine gatnaşan toparlara minnetdarlyk bildirdi

Fuat Oktaý sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Keramatyň ady Aýda boldy, Idil boldy. Ählisini ýaňadandan ýaşaýyşa iteren eller siziň elleriňiz boldy. Arman-ýadaman işläp, bir bolup, jebis bolup milletimize buşlykly habarlar getiren köňülleriň gahrymany toparlarymyzy tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Barlygyňyza şükür" diýip belledi. 

Içeri işler ministrliginiň Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berilen beýanata görä, 30-njy oktýabrda Izmiriň suw giňişliginde bolan 6,6 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 114 adama ýetdi. 

Ýer titremede ýaralanan 898 adamyň 137-siniň bejergisi dowam edýär. 

Şäherde gözleg we halas ediş işleri tamam boldy. 


Etiketkalar: #Izmir , #Fuat Oktaý

Degişli Habarlar