Izmirdäki ýer titremede ýogalanlaryň sany 83 adama ýetdi

Daşky gurşaw we şäher gurluşyk ministri Murat Kurum beýanat berdi

1520116
Izmirdäki ýer titremede ýogalanlaryň sany 83 adama ýetdi

Türkiýäniň Daşky gurşaw we şäher gurluşyk ministri Murat Kurum, ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 83 adama ýetendigini, 962 adamyň bolsa ýaraly ýagdaýda harabalyklaryň aşagyndan çykarylandygyny habar berdi. 

Ministr Murat Kurum, 4-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 9 adamyň hassahanalaryň agyr keselliler bölümindäki bejergileriniň dowam edýändigini mälim etdi. 

Murat Kurum, 11 binada gözleg we halas ediş işleriniň tamam bolandygyny, 6 binada bolsa dowam edýändigini aýan etdi. 

30-njy oktýabrda Türkiýäniň wagty bilen sagat 14:51-de Egeý deňizinde, Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabynyň 17 km alysynda 6,6 bal ululygynda ýer titremesi başdan geçirilipdi. 

Ýer titremäniň ýeriň 16,54 km aşagynda emele gelendigi mälim edilipdi. 



Degişli Habarlar