Izmirdäki ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Izmirdäki ýer titremede ýogalanlaryň sany 79 adama ýetdi

1519919
Izmirdäki ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) tarapyndan berilen beýanatda, ýer titreme sebäpli ýogalanlaryň sany 79 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 962 adama ýetdi. 

Ýaralanan adamlaryň 743-iniň bejergi edilip, öýlerine ugradylandygy, 219-synyň bolsa entek bejergisiniň dowam edýändigi bellenen beýanatda, Izmirde 8 binada gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi habar berildi. 

30-njy oktýabrda Türkiýäniň wagty bilen sagat 14:51-de Egeý deňizinde, Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabynyň 17 km alysynda 6,6 bal ululygynda ýer titremesi başdan geçirilipdi. 

Ýer titremäniň ýeriň 16,54 km aşagynda emele gelendigi mälim edilipdi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Izmir

Degişli Habarlar