Dünýä Ýurtlaryndan Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmage Dowam Edýär

Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 79 adama ýetdi

1519957
Dünýä Ýurtlaryndan Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmage Dowam Edýär

Izmiriň Seferihisar etrabynda bolan 6,6 bal ululygyndaky ýer titremesi sebäpli dünýä ýurtlaryndan duýgudaşlyk ýüzlenmeleri gelmage dowam edýär.

Boliwýanyň Prezidenti Luis Kataroka, Izmirde bolan ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Suga Ýoşihide hem Prezident R. T. Erdogana duýgudaşlyk ýüzlenmesini ugratdy.

Ýoşihide ýüzlenmesinde “Ýapon hökümetiniň we halkynyň adyndan ýer titremesinde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýärin, ýaralananlara şypa dileýärin” diýdi.

Somaliniň Premýer ministri Muhammed Hüseýin Roble hem Wise-prezident Fuat Oktaýa telefon edip duýgudaşlyk bildirdi.

Argentinanyň Daşary ministrligi hem ýer titremesinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

30-njy oktýabrda Türkiýe wagty bilen 14.51-de Egeý deňizinde, Iziriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 16,54 kilometr aşagynda bolandygy anyklandy.

Ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 79 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar