Yragyň demirgazygynda 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beýanat berdi

1519385
Yragyň demirgazygynda 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Hakurk we Gara sebitlerinde hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Yragyň demirgazygyndaky Hakurk we Gara sebitlerinde howa operasiýasynyň geçirilendigi mälim edildi. 

Berilen ýazmaça beýanatda, anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan we hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi kesgitlenen ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçynyň howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #beýanat , #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar