Izmirde Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 44 Adama Ýetdi

Baýrakly etrabynda ýer titremesi sebäpli ýykylan 9 binada gözleg we halas ediş işleri dowam edýär

1519471
Izmirde Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 44 Adama Ýetdi

 

Izmiriň Seferihisar etrabynyň golaýynda bolan 6,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 44 adama ýetdi.

Ýer titremesinde ýaralanan 869 adamdan 667-niň bejergisi tamamlandy, 229 adamyň bejergisi bolsa dowam edýär.

Baýrakly etrabynda ýer titremesi sebäpli ýykylan 9 binada gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Prezident R. T. Erdogan düýn Izmirdäki ýer titremesinde ýykylan binanyň harabalygyna baryp gördi we halas ediş işleri hakynda maglumat aldy.

AFAD 30-njy oktýabrda Türkiýe wagty bilen sagat 14.51-de Egeý deňzinde İzmiriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar