Ýer Titremesi Sebäpli Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär

Izmirde bolan 6,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde 24 adam ýogaldy, 804 adam hem ýaralandy.

1519122
Ýer Titremesi Sebäpli Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, Izmirde bolan ýer titremesi sebäpli Prezident R. T. Erdogana telefon edip gynanç bildirdi.

Tatar, Kipr türk halkynyň hemişe bolşy ýaly Anadolydaky doganlarynyň ýanyndaydygyny nygtady.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem Prezident Erdogana telefon edip İzmiriň Seferihisar etrabynda bolan ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi we ýer titremesi sebäpli kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem ýer titremesi sebäpli Prezident Erdogana gynanç bildirdi.

Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Miçotakis hem Izmir bilen birlikde käbir grek adalarynda täsirli bolan we 2 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýer titremesi sebäpli Prezident Erdogana telefon etdi.

Erdogan bilen Miçotakis telefon söhbetdeşliginde birek-birege duýgudaşlyk bildirdi we kömek bermäge taýardyklaryny nygtady.

Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Esedow bolsa Izmirdäki ýer titremesiniň yzy ýanyndan Wise-prezident Fuat Oktaýa telefon edip duýgudaşlyk bildirdi.

Fransiýanyň Içeri işler ministri Gerald Darmanin hem Egeý deňizinde we grek adalarynda bolan ýer titremesi sebäpli Türkiýä we Gresiýa duýgudaşlyk bildirdi.

Darmanin Twitterden beren habarnamasynda “Fransiýa, bu elhenç synagyň hötdesinden gelmek üçin türk we grek halklaryna goldaw berýär. Biz Türkiýe bilen Gresiýa kömek bermäge taýar” diýip belledi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel sosýal mediadan beren habarnamasynda Egeý deňizinde Gresiýanyň we Türkiýäniň suw giňişliginde bolan güýçli ýer titremesi bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýdi.

Ýer titremesi sebäpli gynanç bildiren Mişel “ÝB ýardam bermäge taýar” diýip belledi.

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, ýer titremesinde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi, ýaralananlara gyssagly şypa diledi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ýer titremesi sebäpli duýgudaşlyk bildirdi.

Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borosow hem duýgudaşlyk bildirdi we kömek bermäge taýardyklaryny mälim edi.

Kataryň Emiri Temim Nin Hamed Al Sani bilen Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz As Serraj hem Prezident Erdogana telefon edip duýgudaşlyk bildirdi.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, pakistanyň halkynyň türk doganlaryna duýgudaşlyk bildirýändigi ýatladyldy.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem hyzmatdaş ýurtlara kömek bermäge taýardyklaryny mälim etdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Dr Tedros Adhanom Ghebreýesus hem ýer titremesi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýty.

Ysraýylyň Goranmak ministrligi, Ysraýylyň goşunlaryna degişli gözleg we halas ediş toparynyň Türkiýä ugradylmagy üçin taýarlyklaryň başlamagy barada görkezme berlendigini habar berdi.

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunçe kömekçisi Robert Obrien “Şu günkü ýer titremesinden soň türk we grek halkyna duýgudaşlyk bildirýäris. ABŞ ähli taraplaýyn kömek bermäge taýar” diýip belledi.

Çiliniň Daşary işler ministri Andres Allamand gözleg we halas ediş işlerine goldaw bermäge taýardyklaryny mälim etdi.

Meksikanyň Daşary işler ministri Marselo Ebrar hem Türkiýä gynanç bildirýändiklerini we kömek bermäge taýardyklaryny belledi.

Awstriýanyň Prezidenti Aleksander Fon Der Bellen bolsa “Türk we grek halkyna duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte “Türk we grek halkyna duýgudaşlyk bildirýärin, biz elimizden geleni etmäge taýar” diýdi.

Kosowanyň Prezidenti Haşim Taji bolsa Kosowanyň türk halkyna goldaw berýändigini nygtady.

Albaniýanyň Prezidenti Ylir Meta “Albaniýa dost ýurtlara kömek bermäge taýar” diýdi.

Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň başlygy Sefik Dzaferowiç “Türk doganlarymyza duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.

Horwatiýanyň Premýer ministri Andrež Plenkowiç hem kömek bermäge taýardyklaryny belledi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heioko Maas, ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri dominis Raas kömek bermäge taýardyklaryny mälim etdi.

Italiýanyň, Ispaniýanyň we Maltanyň Daşary işler ministrleri hem ýer titremesi sebäpli türk we grek halklaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, Estoniýanyň Daşary işler ministri Urman Reinsalu, Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawit Zalkalian, Bolgariýanyň Daşary işler ministri Ekaterine Zahariewa, Gollandiýanyň Daşary işler ministri Stef Blok, Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Eýranyň Daşary işler ministri Jawad zarif, Finlandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawisto hem Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluna telefon edip kömek bermäge taýardyklaryny mälim etdi.

Izmiriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde  bolan 6,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde 24 adam ýogaldy, 804 adam hem ýaralandy.



Degişli Habarlar