Prezident Erdogan Wildersi Şikaýat Etdi

Prezident Erdogana garşy günä edilendigi bellenen kazyýet şikaýatynda, Wilderse garşy jemgyýetçilik kazyýet işiniň açylmagy islendi

1516683
Prezident Erdogan Wildersi Şikaýat Etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Gollandiýada aşa sagjy Azatlyk partiýasynyň lideri Wildersi, özüne dil ýetirip paýlaşan beýanatlary sebäpli şikaýat etdi.

Prezident Erdoganyň aklawçysy Hüseýin Aýdyn tarapyndan edilen şikaýatda, Wildersiň beýanatynyň pikir we söz azatlygynyň çäginde gözden geçirilmejekdigi mälim edildi. 

Wildersiň sosial medianyň üsti bilen paýlaşan beýanatynda, Prezidentiň abraýyny, hormadyny we mertebesini kemsidýän sözleriň ulanylandygy habar berildi. 

Prezident Erdogana garşy günä edilendigi bellenen kazyýet şikaýatynda, Wilderse garşy jemgyýetçilik kazyýet işiniň açylmagy islendi. 



Degişli Habarlar