Oruç Reis gämisi üçin täze Nawteks yglan edildi

Gämi 8 müň metr çuňluga çenli 3D formatynda, 15 müň metre çenli bolsa 2D formatynda seýsmiki operasiýalar geçirip bilýär

1513799
Oruç Reis gämisi üçin täze Nawteks yglan edildi

Oruç Reis seýsmiki gözleg gämisiniň iş alyp barjak ýeri üçin 27-nji oktýabra çenli dowam etjek täze Nawteks yglan edildi. 

Nawteks bildirişine görä, Oruç Reis seýsmiki gözleg gämisi kesgitlenen ýerde 27-nji oktýabra çenli iş alyp barar. 

Ozal yglan edilen bildirişe laýyklykda Oruç Reis gämisiniň işi 22-nji oktýabrda tamamlanmalydy. 

Oruç Reis seýsmiki gözleg gämisi Ataman we Jengizhan atly gämiler bilen birlikde Gündogar Ortaýer deňizinde seýsmiki işler geçirýär. 

Oruç Reis seýsmiki gözleg gämisiniň kontinental şelf we tebigy baýlyklaryň gözlegi başda bolmak bilen her dürli geologiki, geofizik, gidrografiki we okeanografik derňewler geçirip bilýär. 

Gämi 8 müň metr çuňluga çenli 3D formatynda, 15 müň metre çenli bolsa 2D formatynda seýsmiki operasiýalar geçirip bilýär. 



Degişli Habarlar