“Goňşy Ýurtlary Dialoga Çagyrýaryn”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Türkiýäniň Gündogar Ortaýer we Egeýdäki goňşy ýurtlary dialoga çagyrdy

1513911
“Goňşy Ýurtlary Dialoga Çagyrýaryn”

Akar Ankaranyň Polatly etrabyndaky General Nihat Şenogly Atyş we türgenleşik zolagynda geçirilen Atyş erkin-2020 harby täliminde sözlän sözünde Egeýdäki we Gündogar Ortaýer deňizindäki wakalar boýunça beýannama berdi.

Ministr Akar: “Biz içginlik bilen dialog, duşuşyk, gepleşikler, gowy goňşuçyyk gatnaşyklary, halkara hukuk, ylalaşyklar we şol çäkde meselelerimizi çözeliň diýýäris. Emma birdenkä mesele halkara guramalarynyň gün tertibine getirilýär, metbugat arkaly käbir meçew bermeler, töhmet atmalar, esassyz günäkärlemeler bolýar, bularyň hiç haýsysy görülmeýär. Türkiýe Respublikasynyň doluygyna ylmy we tehniki barlaglary, alyp barýan işleri hüjüm, meçew berme ýaly görkezilmäge synanşylýar” diýdi.

Türkiýä 1950 metr, Gresiýa bolsa 580 kilometr alysda bolan 10 inedördül kilometrlik Meýs adasynyň 40 müň inedördül kilometrlik deňiz ygtyýar giňişliginiň bolup bilmejekdifgini, onuň kabul edilmesizdigini nygtan Akar: “Ýok diýen mahalymyz, biz dartgynly döredýän, meçew berýän ýaly hor bolup garşymyzda durýarlar. Biz mamla, biz güýçli. Bize nähili çözgüdiň tarapynda, syýasy çözgüdiň tarapynda durýan bolsak, beýleki tarapdan hem hakymyzy-hukugymyzy basgylatmajakdygymyzy, geler-geçere ýol bermejekdigimizi ýene-de bir beýan edýäris. Muňa düşünsinler. Şeýlelikde biz goňşularymyzy, beýleki edaradyr guramalary dialoga çagyrýarys. Geliň duşuşalyň, gepleşeliň, maslahat edeliň, bu meseleleri hukuk kadalaryna laýyklykda çözeliň. Biziň islegimiz şundan ybarat. Mundan başga akyla, pikire, hukuga bap gelmeýän, esasanda üçünji taraplaryň men-menlik edip, käbir şertleri öňe sürmäge synanşmagy ýa-da onuň biz tarapyndan kabul edilmegine garaşmaklary netijesiz tagalladyr” diýdi.

Kiprde hemaýatkär bolan Türkiýäniň borçlaryny şu günki güne çenli berjaý edendigini, mundan beýläk hem egilşiksiz berjaý etjekdigini beýan eden Akar: “Kipr meselesi bizin milli gowgamyz. Siz bir tarapdan deňiz ygtyýar giňişliklerini özüňie görä dizaýn etmäge synanşyň, beýleki tarapdan Kipr türklerini ýok hasap edin we çözgüt tapylmagyny isläň. Ol çözgütsizligiň tüýs özüdir. Eger syýasy çözgüt, amatly şertleriň tapylmagy islenýän bolsa, kiprli doganlarymyzy ykrar edersiniz, deňiz ygtyýar giňişlikleri meselesinde öz bilýänleriňizi däl, parasatly çemeleşip, hakykaty tapyň diýdi.

Ermenistanyň Azerbaýjandaky ilatly ýerlere guran hüjümlerinden soň Azerbaýjanyň öz territoriýasyny halas etmek üçin operasiýa başladandygyny beýan eden ministr Akar: “Azerbaýjanyň ýerlikli gowgasyny soňuna çenli goldaýandygymyzy iň ýokary derejede Prezidentimizden başlap, ähli derejede beýan etdik. Türkiýe döwletiniň we türk milletiniň azerbaýjanly doganlarymyzyň ýanyndadygyny beýan etdik we etmäge dowam edýäris.



Degişli Habarlar