Çawuşoglu Bilen Baýramow Daglyk Garabag Hakynda Pikir Alyşdy

Çawuşoglu bilen Baýramow Daglyk Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

1513605
Çawuşoglu Bilen Baýramow Daglyk Garabag Hakynda Pikir Alyşdy

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama göra, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Çawuşoglu bilen Baýramow telefon söhbetdeşliginde Daglyk Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Ministrler sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Azerbaýjanyň territoriasynyň basyp alyşlykdan halas edilmelidigini nygtady.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow düýn Russiýanyň paýtagty Moskwada rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşupdy we Daglyk Garabag hakynda pikir alyşypdy.



Degişli Habarlar