Yragyň demirgazygynda 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1512411
Yragyň demirgazygynda 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Penje-Gaplaň operasiýasynyň çäginde, Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitinde anyklanan PKK-a agza 3 terrorçy we Zap sebitinde anyklanan ýene-de 3 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 

Beýanatda, iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalaryň dowam etjekdigi habar berildi. 

Milli Howpsuzlyk gullugynyň beren maglumaty esasynda geçirilen operasiýada bolsa gyzyl býulleten bilen gözlenýän PKK-nyň Metina sebitiniň razwedkasyndan jogapkär ýolbaşçysy Ahmet Bal täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar