Hakkari welaýatynda 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, geçen hepde Hakkari welaýatynda geçirilen operasiýalarda 17 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1511925
Hakkari welaýatynda 17 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Süleýman Soýlu, "Arçynlar güni" mynasybetli ministrlikde 50 arçynyň gatnaşmagynda geçirilen nahar çäresinde çykyş etdi. 

Geçen hepde Hakkari welaýatynda geçirilen operasiýalar barada maglumat berendiklerini aýdan Süleýman Soýlu: "Şol operasiýalarda 8 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar beripdik. Bu operasiýalaryň geçirilýän ýeri örän möhümdir. Geçirilen operasiýalaryň ýerine ilkinji gezek girdik we 17 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdik. Düýn şeýle hem Amanoslar Dagynda Dörtýol Islahiýe toparyny ýok etdik. Amanoslarda galan terrorçylary hem täsirsiz ýagdaýa getirip, nähili Gara deňiz sebitinde doly saplaýyş işlerini geçiren bolsak, edil şolar ýaly Amanoslary hem dolulygyna saplarys. Boýun egmeklerinden, gaçmaklaryndan başga çäreleri ýok" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar