Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1509939
Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Çawuşogly we Baýramow Ýokary Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Mewlüt Çawuşogly, mundan başgada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Mewlüt Çawuşogly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Ýokary Garabag, Ermenistanyň düzgün bozmalary, asuda ilata garşy guraýan hüjümleri we Terterde geçirilen jynaza çäresine garşy guran hüjümini ara alyp maslahatlaşdy. 

Ermenistan we Azerbaýjan, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçiren duşuşyklarynda, 10-njy oktýabrda şenbe güni ýerli wagt bilen sagat 12:00-dan başlap, Daglyk Garabagda zamun alynan we ýogalan adamlaryň çalşygy üçin ynsanperwer maksatly ylalaşyk baglaşypdylar. 

Ermenistanyň goşunynyň ylalaşygyň gazanylmagyndan 24 sagat geçmeden Azerbaýjanyň Genje şäherine raketalar bilen hüjüm guramagy netijesinde 9 adam ýogalypdy, 34 adam ýaralanypdy. 

Ermenistanyň goşunynyň Azerbaýjanyň Terter şäherinde düýn gonamçylyga barýan asuda ilata garşy guran hüjüminde 4 adam ýogalypdy, 4 adam bolsa ýaralanypdy. 

Beýleki tarapdan Ministr Çawuşogly, mundan başgada Çehiýanyň Daşary işler ministri Tomas Petriçek we Latwiýanyň Wise-premýeri we Goranmak ministri Artis Pabriks bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdy. 



Degişli Habarlar