Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary we Azerbaýjan-Ermenistan meselesi hakynda pikir alyşdy

1509253
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Putin telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary we Azerbaýjan-Ermenistan meselesi bilen birlikde Siriýada we Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde, Azerbaýjanyň territoriasyna hüjüm etmek bilen ýene-de bir gezek dartgynlyk emele getiren Ermenistanyň 30 ýyla golaý wagt bäri basyp alyşlygyny dowam etdirýändigini, Türkiýäniň Minsk toparyndaky statusyna we özara gatnaşyklaryň çäginde bu meseläniň yzygiderli çözülmegine goldaw berýändigini belledi.

Erdogan, Siriýa krizisiniň syýasy taýdan çözülmegi üçin edilýän tagallalaryň we ýetilen sepgidiň dowam etdirilmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar