"Gresiýa we Kipriň Grek bölegine degişli jogaby meýdanda bermäge dowam ederis"

Prezident Erdogan: "Gresiýa we Kipriň Grek bölegine degişli jogaby meýdanda bermäge dowam ederis" diýdi

1508991
"Gresiýa we Kipriň Grek bölegine degişli jogaby meýdanda bermäge dowam ederis"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan, Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň we Kiprdäki türkleriň hukuklaryny nazarda tutmaýan hiç bir meýilnamanyň durmuşa geçirimeginiň mümkin bolmandygyny, orta goýan berk pozisiýalary bilen her kime görkezilendigini belläp: "Ýawuz gämimiziň howpsuzlygyny harby flodymyz üpjün edýär. Oruç Reis seýsmiki derňew gämimiz hem ýaňadandan Ortaýer deňizindäki işlerine gaýdyp bardy. Barbaros Ortaýer deňizindäki işlerine dowam edýär. ÝB we NATO platformalarynda sözlerinde durmaýan Gresiýa we Kipriň Grek bölegine degişli jogaby meýdanda bermäge dowam ederis. Kanuny gözegçilik işlerininiň tamam bolmagyndan soň Gara deňizdäki işleri üçin ýola çykar. Kanuny gämimiziň işlerinden hem nesip bolsa buşlukly habarlara garaşýarys" diýip belledi. 

Prezident Erdogan, Fatih buraw gämisi tarapyndan tapylan tebigy gaz gor bilen habary uly hoşallyk bilen kabul edilendigini aýdyp: "Şenbe güni Fatih buraw gämimize baryp, hem işleri ýerinde göreris hem-de tapylan goryň mukdaryny aýan ederis" diýip habar berdi. 

Erdogan Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümleri bilen bagly bolsa: "Minsk topary häzirki wagtda hem güýmemek taktikasy bilen bu işi başyndan sowýar. Basyp alyşlyk astyndaky topraklary beriňdä, gidip öz topraklarynda ýaşasynlar. Eger dünýäde adam hukuklary we demokratiýa bar bolsa we siz hem bu meseläni çözmek bilen ygtyýarlandyrylan bolsaňyz, iň gysga wagtda bu gepleşikleri tamamlap, bu topraklary eýelerine bermelisňiz. Bir gepleşik 30 ýyl dowam edip bilermi? 30 ýyl bäri güýmeýärler. 30 ýyl bäri oturdylar, söhbetdeş boldylar, dargadylar. Bu derejede uzak dowam etjek bir iş däl bu. Bermediler, inede iş indi şu ýagdaýa geldi. Indi Ermeniler bilen Azerbaýjanly doganlarymyzyň söweşi başlady. Biz Azerbaýjanly doganlarymyza her türli goldaw bermäge taýardyrys, mundan soň hem bereris, emma Minsk toparynyň düzüminde bolanlaryň goldawyny näme sebäpli aýtmaýarsyňyz. Bu derejede berilen goldawa sesiňizi çykarmaýarsyňyz, emma mujahitleri Siriýadan Azerbaýjana ugradýarsyňyz diýýarsiňiz. Olaryň öz topraklarynda işi bar" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan çykyşynda mundan başgada Ýapyk Maraş sebitiniň açylmagynyň Kipr üçin öwrülişik nokadydygyny beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar