Akar Bilen Şoýgu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş, Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümi, Idlibde we Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1507575
Akar Bilen Şoýgu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, iki kärdeşiň telefon söhbetdeşliginde, Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümi, Idlibde we Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Akar, ylalaşygy basgylan we ilatly ýerlere hüjüm edýän Ermenisýanyň hüjümlerini bes etmelidigini we basyp alan ýerlerinden çykarylmalydygyny belledi.

Azerbaýjanyň çözgüt üçin ýene-de 30 ýyl garaşyp bilmejekdigini nygtan Akar, Türkiýäniň Azerbaýjanyň öz topraklaryny yzyna almak üçin başladan operasiýasyna goldaw berýändigini ýatlatdy.

Ministr Akar, Türkiýäniň Idlibde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin 5-nji martda Russiýa bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda hereket edýändigini belledi.



Degişli Habarlar