Germaniýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar

Heiko Maas 14-nji oktýabrda çarşenbe güni Ankara geler

1506183
Germaniýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar

 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas, geljek hepde Türkiýede saparda bolar.

Germaniýa, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde başdan geçirilýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk edýär.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maasyň 14-nji oktýabrda çarşenbe güni Ankara gelmegine we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Saparyň çäginde Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän dartgynlyk bilen birlikde özara we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Heio Maasyň, Türkiýeden soň Gresiýada saparda bolmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar