Türkiýe Egeý deňizinde täze Nawteks yglan etdi

Täze duýduryş Lesbos adasynyň töweregini öz içine alýar

1506237
Türkiýe Egeý deňizinde täze Nawteks yglan etdi

Türkiýe Lozanna Parahatçylyk ylalaşygynyň düzgünleriniň bozulmagy sebäpli Egeý deňizinde täze bir Nawteks yglan etdi. 

Täze duýduryş Lesbos adasynyň töweregini öz içine alýar. 

Izmirdäki stansiýadan yglan edilen täze Nawteks yglanynda Gresiýa eýýäm 3-nji gezek Lozanna bilen bagly duýduryşy berilýär. 

9-njy oktýabr -13-nji oktýabr aralygyny öz içine aljak täze Nawteksde, Gresiýanyň Lesbos adasynyň 1923-nji ýylda baglaşylan Lozanna Parahatçylyk ylalaşygy bilen kesgitlenen harby bolmadyk statusynyň düzgüniniň bozulandygy aýan ediler.

Lozanna Parahatçylyk ylalaşygyna görä Egeý deňizindäki aralarynda Lesbos adasy hem bolan 12 adada Gresiýanyň Içeri işler edarasyndan başga harby güýç ýerleşdirmegi we ol ýere harby güýç ýygnamagy gadagan edilýär. 

Türkiýe sentýabr aynda Lozanna Parahatçylyk ylalaşygyny ýatladyp, 2 aýry Nawteks yglan edipdi.



Degişli Habarlar