Wan welaýatynda bir terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Wan welaýatynda Žandarma güýçleriniň tagallalary netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
1505367

Wan welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, Welaýat Žandarmda serkerdeligi tarapyndan terror guramasy PKK/KJK-a bilen bagly işleriniň dowam edýändigi mälim edildi.
Şol çäkde PKK/KJK-a agza terrorçylaryň guramanyň hataryndan aýrylmagyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän işleriň dowam edýändigi habar berilen beýanatda, maşgalasy we özi bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde terrorçynyň 8-nji oktýabrda Ipekýoly etrabynda howpsuzlyk güýçlerine boýun egmeginiň üpjün edilendigi aýan edildi.
Degişli Habarlar

Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 72 Boldy
Jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 540 müň 293 adama ýetdi