Prezident Erdogan Kuweýde We Katarda Gitdi
Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Türkiýe wagty bilen 09.40-da Esenboga howa menzilinden uçdy
Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan Kuweýtde we Katarda sapar bolar.
Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet “TUR” uçary bilen Türkiýe wagty bilen 09.40-da paýtagt Ankaradaky Esenboga howa menzilinden uçdy.
Prezident Erdogany howa menzilinden Wise-prezident Fuat Oktaý bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar ugratdy.
Prezident Erdogana Kuweýde we Katara guraýan saparynyň çäginde Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, Ýaşlar we sport ministri Mustafa Kasapoglu, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun bilen Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ýoldaşlyk edýär.
Prezident Erdogan Kuweýde gurajak saparynyň çäginde Kuweýdiň Emiri merhum Şyh Sabahdan soň wezipäni öz üstüne alan Kuweýdiň Emiri Şyh Newwaf Al Ahmed Al Jabir As Sabah bilen duşuşar we duýgudaşlyk bildirer.
Duşuşykda özara meseleler bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar.
Kuweýtden soň Katara barçak Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani bilen duşuşar.
Erdogan bilen Al Sani duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar