Akar: "Ermenistan basyp alan topraklaryny iň gysga wagtda boşaltmaly" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ermenistanyň mundan hem has köp adamzat jenaýatyny etmeden ozal basyp alan topraklaryny iň gysga wagtda boşaltmalydygyny belledi

1503238
Akar: "Ermenistan basyp alan topraklaryny iň gysga wagtda boşaltmaly" diýdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler we beýleki ýokary derejeli serkerdeleriň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirdi. 

Goranyş we howpsuzlyk meseleleriň çäginde Gündogar Ortaýer deňizindäki hadysalar, terrora garşy operasiýalar we täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde görülen howpsuzlyk çäreleriniň ele alynan maslahatda ministr Akar, Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň basyp alyşlyk astyndaky topraklaryny azat etmek üçin başladan operasiýanyň hem üstünde durup geçdi. 

Azerbaýjan türkleriniň hakly dawalaryna goldaw berýändiklerini aýdan Akar, Azerbaýjanyň basylyp alynan öz topraklarynyň berilmegini, basyp alyjy ýagdaýdaky ermenileriň ol ýerdäki topraklary terk etmelerini isleýändigini belledi. 

Ministr Akar, 30 ýylyň dowamynda basyp alyjylyga sesini çykarmaýanlaryň, Ermenistanyň şol ýüzüni görmelidigini we basylyp alynan topraklaryň hakyky eýelerine berilmegi üçin tagalla etmelidiklerini nygtady.



Degişli Habarlar