Pakistana 300 Müň Maska Ugradyldy

Türkiýä koronawirusa garşy alynyp barylýan göreşe laýyklykda Pakistana 300 müň maska kömek berdi

1500684
Pakistana 300 Müň Maska Ugradyldy

Türk howaýollaryna degişli uçar bilen şu gün irden Yslamabadyň halkara howa menziline bara ýüki türk we pakistanly resmiler garşy aldylar.

Türk Gyryl ýarymaý jemgyýetiniň Pakistan toparynyň Başlygy Ibrahim Karlos Kamilo 300 müň KN-95 kysymly maskany Kowid-19 epidemiýasyna garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde Pakistanyň hökümetine gowşurmak üçin kabul edip alandyklaryny aýtdy.

Kamilo gümrük işlerinden soň maskalary Pakistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň goldaw bermeginde birnäçr günüň dowamynda resmilere gowşurjakdyklaryny nygtady.

Pakistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Logistiki işlerinden jogapkär ýolbaşçysy Muhammed Amin bolsa Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetinden 300 müň maska kömegini alandyklaryny we olaryň ýurduň dürli etraplaryna ýetiriljekdigini beýan edip, türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetine sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar