Liwiýanyň Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolýar

Akar kärdeşi Namrouşy Ankarada Milli Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylady

1501165
Liwiýanyň Goranmak Ministri Ankarada Saparda Bolýar

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Liwiýanyň Goranmak ministri Selahaddin Namrouş bilen duşuşdy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Akar kärdeşi Namrouşy Ankarada Milli Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylady.

Iki kärdeş garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Goranmak ministri Akar, Türkiýäniň liwiýaly doganlaryna goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar