Erdogan: "Azerbaýjanly doganlarymyzyň göreşine goldaw bereris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ermenileriň basyp alyjylygyna garşy göreş alyp barýan Azerbaýjanlylaryň ýanlaryndadyklaryny beýan etdi.

1501036
Erdogan: "Azerbaýjanly doganlarymyzyň göreşine goldaw bereris" diýdi

TBMM, 2 aýlyk arakesmeden soň şu gün ýaňadandan işlemäge başlady. 

Prezident Erdogan, 27-nji döwür 4-nji Kanunçylyk ýylynyň açylyş dabarasy mynasybetli TBMM-nyň Baş geňeşinde çykyş etdi. 

Erdogan çykyşynda: "Kiprdäki we Azerbaýjandaky türklerden başlap, Balkanlara we demirgazyk Afrika çenli ähli ýerde doganlarymyza tüýs ýürekden goldaw berýän mejlisimiz, milletimiz bilen birlikde ähli dostlarymyzyň ylham çeşmesidigini görkezdi" diýdi.

"Türkiýe hökmünde özümizi iki döwlet bir millet hökmünde görýän Azerbaýjanly doganlarymyza ähli mümkinçiliklerimiz we tüýs ýüregimizden goldaw bermäge dowam ederis" diýip bellän Erdogan: "Bu sebitde hemişelik parahatçylygyň ýoly, ermenileriň basyp alan Azerbaýjanyň topragynyň her bir garyş ýerinden yza çekilmeginden soň başlar" diýdi. 

"Ermenistanyň hökümetini ähli zady bir gyra süýşürip, dowamly Türkiýä töhmet atmak tagallalaram özüni halas edip bilmez" diýen Erdogan: "Bu talaňçy döwlete goldaw berenlere, özlerini adamzadyň umumy wyždanynyň öňünde hasap soraljakdygy barada duýduryş berýärin" diýip nygtady. 

Çykyşynda terrora garşy göreşiň hem üstünde durup geçen Erdogan, Yrak serhedindäki terrorçylaryň dolulygyna ýok edilýänçä çenli operasiýalaryň dowam etjekdigini mälim etdi. 

Türkiýe hökmünde Ortaýer deňizinde çaknyşygyň, dartygynlygyň, hukuksyzlygyň tarapdary däldiklerini aýdan Erdogan: "Haklarymyza eýe çykýarys. Ortaýer deňizindäki syýasy we ykdysady mümkinçiligiň paýlanşygy bilen baglanşykly düşünişmezçilikleriň adalatlylyk ýörelgeleriniň çäginde çözülmeginiň tarapdarydyrys" diýdi. 

"I Jahan urşynda göz ýaşlar bilen terk etmäge mejbur bolan bu şäherde entegem Osmanlynyň galyndylaryna gabat gelmek mümkindir. Ýagny, Iýerusalim biziň şäherimizdir, bizden bir şäherdir" diýen Erdogan, "Ejir çekýän palestinanyň halkynyň gatnaşan ähli platformalarymyzda belläp geçmegi, ýurdumyzyň we milletimiziň adyndan hormat bilýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar