Kuveýdiň Emiri As Sabahyň Yzy Ýarasyn
Prezident Erdogan Kuveýdiň Emiri Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah üçin gynanç bildirdi
1499747

Prezident R. T. Erdogan 91 ýaşynda ýogalan Kuveýdiň Emiri Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabah üçin gynanç bildirdi
Prezident Erdogan Tvitterden arap ve türk dillerinde beren habarnamasynda “Kuveýdiň Emiri Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabahyň ýogalmagyna gynanç bildirýärin. Kuveýdiň Emiri As Sabaha Alladan rehnet, türk halkynyň adyndan dost ve doganlyk kuveýdiň halkyna yzy ýarasyn diýýärin” diýdi.
Mirasdar Şazada Şyh Nevvaf Al Ahmed Al Jabir As Sabah, Kuveýdiň täze Emiri boldy.
Beýleki tarapdan As Sabahyň ýogalmagyndan soň Katarda, Müsürde, Iordaniýada, Palestinada, Livanda, Birleşen Arap Emirliklerinde ve Bahreýnde milli ýas yglan edildi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 144 boldy.