Ibrahim Kalyndan Jo Baýdene jogap

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär bolan Jo Baýdeniň Daglyk Garabag bilen baglanşykly sosial mediadan beren beýanatyna nägilelik bildirdi

1500397
Ibrahim Kalyndan Jo Baýdene jogap

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Twitteriň üsti bilen: "Daglyk Garabagda we töwereginde adam ýitgileri barha artýarka Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, ermeni we azerbaýjanly liderleri iň gysga wagtda dartgynlygy azaltmak barada çagyryş bermeli. Mundan başgada Türkiýe ýaly ýurtlardan bu çaknyşygyň daşynda galmaklaryny talap etmelidir" diýip aýdan Jo Baýdene nägilelik bildirdi. 

Ibrahim Kalyn: "Ermenistan tarapyndan basyp alyjylygyny bes etmegini islediňizmi? Ýogsam diňe ermeni lobisiniň garalama kampaniýalaryna boýun bolmak bilen çäklendiňizmi?" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar