Erdogan ÝB-niň Düzümleriniň Ýolbaşçylaryna we Ýurtlaryň Liderlerine Hat Ugratdy

Erdogan ÝB bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini isleýär

1500030
Erdogan ÝB-niň Düzümleriniň Ýolbaşçylaryna we Ýurtlaryň Liderlerine Hat Ugratdy

Prezident R.T.Erdogan ÝB-niň düzümleriniň ýolbaşçylaryna we agza ýurtlaryň liderlerine hat ýazyp, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizi meselesine bolan garaýyşyny we meseleler boýunça çözgüt tekliplerini beýan etdi.

Erdogan hatynda: “Gündogar Ortaýer deňizi boýunça syýastymyzyň iki maksady bar. Birinjisi; Gündogar Ortaýer deňizinde deňiz ygtyýar giňişlikleriniň halkara hukuga laýyklykda, adalatly we deň derejeli kesgitlenmegi we kontinental şiftimizdäki özygtyýarlygymyzyň we hukuklarymyzyn goralmagy. İkinji maksadymyz bolsa Kipr türkleriniň Kipr adasynyň deň derejeli şärigi hökmünde, adanyň uglewodorod çeşmelerinden almaly hakyny kepillendirmekdir. Gresiýa bilen dialoga şertsiz başlamaga taýardygymyzy ýene-de bir gezek nygtasym gelýär. Şol çäkde dartgynlygyň azaldylmagy üçin NATO-nyň baş Sekretaryndan deňiz we howa ulaglaryny tapawutlandyrmak ugrundaky başlangyjyna hem başyndan bäri goldaw berýändigimizi dykgatyňyza ýetirýärin” diýip ýazdy.

Prezident Erdogan ÝB-niň Gresiýadan we Kipriň Grek Dolanşygyndan daşgary agzalaryna ugradylan hatda, Gündogar Ortaýer deňizi meselesine adalatly we parahatçylykly çözgüt tapmagyň hemmeler üçin jogapkärçilikdigini nygtap; “Şonuň üçin hyzmatdaşlyk we dialog goldanmaly, bar bolan düşnüşmezligi hasam agyrlaşdyrjak başlangyçlardan çetde durulmaly. Biziň içgin arzuwymyz 18-nji martda gazanylan ylalaşygyň häzirki şertlere laýyklykda özgerdilmegi we Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň ähli taraplaýyn umumy bähbitlerimize laýyklykda ösdürilmegi. Onuň ýolunyň bolsa bikanun göç, terrorizm, söwda, energetika ýaly ençeme ugurlarda gatnaşyklarymyzyň bähbitlerimiz taýdan eýe bolan ähmiýetine göz ýetirmekden geçýär. Şol maksada laýyk goldawyňyza garaşýaryn” diýdi.  



Degişli Habarlar