Türkiýe Ortaýer deňizinde täze Nawteks yglan etdi

Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleri, Fethiýe-Marmaris arasynda atyş tälimini ýerine ýetirer

1498025
Türkiýe Ortaýer deňizinde täze Nawteks yglan etdi

Täze Nawteksiň Fethiýe bilen Marmaris etraplarynyň arasyndaky Aksaz Deňiz bazasyny öz içine aljakdygy mälim edildi. 

29-njy sentýabr sişenbe güni sagat 05:00-da başlajak täze Nawteksiň möhledi şol gün sagat 14:00-da tamam bolar. 

Şol wagt aralygynda Türkiýäniň Harby-deňiz güýçleri şol ýerde atyş tälimini ýerine ýetirer. 

Käbir sosial media hasaplarynda berilen täze Nawteksiň Gresiýanyň Rodos bilen Meis adalarynyň arasyndaky meýdany öz içine alýandygy baradaky öňe sürmeleriň türk resmiler tarapyndan nädogrydygy aýan edildi. 

Täze Nawteksiň öz suw giňişligimiziň çäginde bolan sebitde yglan edilendigi aýratyn bellenip geçildi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Nawteks

Degişli Habarlar