Prezident Erdogan Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümleri barada beýanat berdi

Erdogan: "Ermenistan sebitde parahatçylygyň we asudalygyň öňündäki iň uly howpdugyny ýene-de gezek subut etdi" diýdi

1498060
Prezident Erdogan Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümleri barada beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ermenistanyň Azerbaýjana guran hüjümleri bilen bagly beýanat berdi. 

Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Azerbaýjana garşy guraýan hüjümlerine ýene-de birini goşan Ermenistan, sebitde parahatçylygyň we asudalygyň öňündäki iň uly howpdugyny ýene-de bir gezek subut etdi. Türk milleti hemişe bolşy ýaly şu günki gün hem ähli mümkinçilikleri bilen Azerbaýjanly doganlarynyň ýanyndadyr" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Ermenistanyň öjükdiriji hüjümlerine garşy gerek bolan we ýeterlik derejede reaksiýa bildirmeýän halkara jemgyýet ýene-de bir gezek iki ýüzlüdigini görkezdi. Takmynan 30 ýyl bäri şol bir pozisiýasyny dowam etdirýän Minsk topary (Russiýa, ABŞ, Fransiýa) gynansagam çözgüt tapmakdan örän uzakdadyr. Ermenistanyň halkyny, özlerini apata alyp barýan hökümetine we olary gurjak ýaly ulanýanlara garşy gelejeklerine eýe çykmaga çagyrýaryn, bütin dünýä basyp alyjylyga we zuluma garşy göreş alyp barýan Azerbaýjanyň ýanynda durmaga çagyrýaryn" diýip nygtady. 

Erdogan: "Şu gün geçiren telefon söhbetdeşligimizde berk we tutanýerli pozisiýa eýeleýändigine ýene-de bir gezek şaýat bolan doganym Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe aýdyp geçişim ýaly, Türkiýe bir millet, iki döwlet düşünjesi bilen Azerbaýjanly doganlary bilen jebisligini güýçlendirip dowam etdirer" diýip belledi. 



Degişli Habarlar