Mewlüt Çawuşoglu Ukraina Gynanç Bildirdi

“Ukrainanyň Harkow welaýatynda bolan uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna, dost ýurt ukrainanyň halkyna gynanç bildirýärin”

1497553
Mewlüt Çawuşoglu Ukraina Gynanç Bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Ukraina gynanç bildirdi

Çawuşoglu, Twitterden beren habarnamasynda “Ukrainanyň Harkow welaýatynda bolan uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna, dost ýurt ukrainanyň halkyna gynanç bildirýärin” diýdi.

Ukrainanyň Ankaradaky ilçihanasy hem Çawuşoglynyň habarnamasynda soň Twitter arkaly “Dost ýurt Türkiýä sagbolsun aýdýarys” diýip habarnama çap etdi.

Ukrainanyň ýaragly güýçlerine degişli AN-26 kysymly harby uçar Harkow welaýatyndaky harby howa menziliniň golaýynda heläkçilige uçrady.

Uçardaki 27 ýolagçydan 25-niň ýogalandygy, 2 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar