Prezident Erdogan, Merkel we Mişel bilen gepleşikler geçirer

Erdogan, ertir ÝB-niň döwürleýin başlygy we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen maslahat geçirer

1494536
Prezident Erdogan, Merkel we Mişel bilen gepleşikler geçirer

Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar Ortaýer deňizindäki wakalary ara alyp maslahatlaşjak ÝB maslahatyndan ozal, Ankaranyň diplomatiýa tagallalary dowam edýär

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ertir ÝB-niň döwürleýin başlygy we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen üçtaraplaýyn maslahat geçirer. 

Prezident Erdoganyň gepleşikleriň barşynda Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde dialogyň  tarapdarydygyny ýene-de bir gezek belläp geçmegine garaşylýar. 

Üçtaraplaýyn maslahatda Türkiýäniň şertsiz ýagdaýda bolmak bilen gepleşikler stolyna oturmaga taýardygy ýene-de bir gezek bellenip geçiler, ýagdaýy Gresiýanyň dartgynlaşdyrýandygy, ädim etmeli bolan tarapyň hem Gresiýadygy nygtalyp geçiler. 

Ýewropanyň meseläniň çözgüdi babatynda tutanýerli we adalatly bolmagyna garaşýandyklaryny belläp geçjek Prezident Erdogan, Gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň täzelenmegi we wiza erkinligi ýaly ugurlary hem gün tertibe getirer. 



Degişli Habarlar