Erdogan Grek Gazetini Şikaýat Etdi

Prezident R.T.Erdogan özi hakda kemsidiji we paýyş sözli sözbaşy ulanan grek gazetini şikaýat etdi

1494436
Erdogan Grek Gazetini Şikaýat Etdi

Prezident Erdogan aklawçysynyň üsti bilen Gresiýada çap edilýän “Demokratiýa” gazetiniň eýesini, redaktorlaryny we baş redaktoryny “Prezidenti kemsitme” etmişi sebäpli şikaýat etdi.

“Grek gazetinde Hormatly Prezidentimize garşy ulanylan sözler dramatiki ahlaky çökgünligiň iň gelşiksiz beýanlaryndan biridir” diýilýän arzada; “Grek halk köpçüliginiň dymmagyna garalanda şol ahlak çökgünliginiň mariginal gatlaklar bilen çäkli bolmandygy görülýär” diýilýär.

Arzada şeýle diýilýär: “Paýyş söz, aýdara sözi bolmadyklaryň ýada söz sözleme ukybyndan mahrum bolanlaryň dilidir. Paýyş söz aýdylan üçin däl, aýdan üçin uly utanç we gödeklikdir. Şol gödekligiň maksady diňe bir Przidentimiz bilen çäkli däl. Şol bir wagtda Prezidentimiz tarapyndan Gündogar Ortaýer deňizinde we Adalar deňizinde egilşiksiz goralýan milletimiziň ýokary bähbitleridir.”



Degişli Habarlar