Türkiýäniň Mosul şäherindäki Baş konsullygy ýaňadandan açylar

Mesele barada Türkiýäniň Yragyň Mosul şäherindäki Baş Konsuly Mehmet Küçüksakally beýanat berdi

1493855
Türkiýäniň Mosul şäherindäki Baş konsullygy ýaňadandan açylar

Türkiýäniň Yragyň Mosul şäherindäki Baş Konsuly Mehmet Küçüksakally, terror guramasy DAIŞ-iň Mosul şäherini basyp almagy bilen ýapylan konsullygyň ýaňadandan açylmagy üçin soňky tapgyra gelinendigini habar berdi. 

Türkiýäniň Yragyň Mosul şäherindäki Baş Konsuly Mehmet Küçüksakally, Mosul şäheriniň merkezinde işlemäge başlan Türkiýe Wiza ýüz tutma merkezine baryp göreninden soň, metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Wiza merkeziniň işläp başlamagynyň, Mosulyň halky üçin möhüm bir hyzmatdygyny aýdan Küçüksakally, wizanyň nädip alynjakdygy barada bolsa: "Türkiýä wiza almak örän aňsat. Ýüz tutmadan ozal merkeze jaň edip, haýsy gün gelip biljekdigiňizi soraň we syýahat maksadyňyza görä gerek bolsa resminamalar barada maglumat alyň. Ýüz tutan mahalyňyz syýahat maksadyňyzy belläp geçiň. Wizanyň möhledi 1 ýyldyr" diýip habar berdi.   


Etiketkalar: #wiza , #konsullyk , #Yrak , #Mosul

Degişli Habarlar