"Türkiýe epidemiýadan iñ az zyýan bilen çykan ýurtlaryň biri"

Prezident Erdoğan beýanat berdi

1493678
"Türkiýe epidemiýadan iñ az zyýan bilen çykan ýurtlaryň biri"

 

Prezident Rejep Taýýip Erdoğan, Türkiýäniň koronavirus epidemiýasyndan iň az zyýan bilen çykan ýurtlaryň biridigini belledi. 

Prezident Erdoğan, Stambuldan Demirgazyk Marmaraý ýolunyň Gebze-Izmit çatrygynyň arasyndaky böleginiň açylyş dabarasyna wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyp, çykyş etdi. 

Çykyşynda Türkiýäni global we sebitleýin bir güýç ýagdaýyna öwürmek üçin İş alyp barýandyklaryny aýdan Erdogan: "Türkiýäniň soňky 7 ýylda sezewar galan arakesmesiz hüjümler esasan hem ykdysadyýetimizi nyşana aldy. Epidemiýada hem şolar ýaly ýagdaýa sezewar galdyk. Epidemiýanyň ähli döwletler üçin ýumurujy täsirli boldy. Türkiýe ähli bu oňaýsyz hadysalardan iň az derejede täsir alan ýurtlaryň biri boldy. Gören ençeme çärelerimiz bilen milletimiziň ýanynda boldyk" diýip belledi.


Etiketkalar: #epidemiýa , #Erdogan

Degişli Habarlar