“ÝP-niň Baş Assambleýasynyň Kararlary Kabuledilmesiz”
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Ýewropa Parlamentiniň Türkiýe hakyndaky kararyna berk reaksiýa bildirdi

Türkiýe ÝP-niň Baş Assambleýasynda 2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda kabul edilen we hakykatlara bap gelmeýän kararyn birnäçe jähtden kabuledilmesizidigini beýan etdi.
Daşary işler ministrliginden ÝP-niň Türkiýe hakynda kabul eden maslahat häsýetli kararlary boýunça berilen beýannamasynda: “ÝP-niň Baş Assambleýasynda ÝB-ne agzalyk arkalaşygy üçin we käbir ýurtlaryň egoist bähbitlerine laýyklykda 2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda kabul edilen masslahat karary ençeme jähtden kabuledilmesizdir” diýilýär.
Ministrlikden berilen beýannamada ÝP-niň düýn Türkiýe hakynda kabul eden maslahat kararyna üns çekilip: “Agza ýurtlar ÝP bilen bilelikde ÝB-niň düzümlerine ähli derejelerde eden ýüztutmalarymyza garamazdan şeýle tarapgöý maslahat kararynyn kabul edilmegi ýagşy niýetlilige we parasatlylyga bap gelmeýär” diýilýär.
ÝP-niň çemeleşmesini “taraply we haksyz” diýip häsýetlendirýän beýannamada: “ÝP şol taraply we haksyz çemeleşmesi bilen hem-de ygtyýary bolmadyk deňizler hukugyndaky güýji bolmadyk we tarapgöý garaýyşlary bilen abraýyny ýitirýär” diýilýär.
ÝB-niň düzümlerini we ÝP-ni ýurtlaryň arasyndaky jedelli meselelerde adalatly çemeşmäge çagyrýan beýannamada: “Ne ÝP-nin ne-de ÝB-niň ne-de ÝB-ne agza ýurtlaryň üçünji ýurtlaryň serhetlerini we deňiz ygtyýar giňişliklerini kesgitleme ygtyýary ýok. ÝP we ÝB-niň beýleki düzümleri çözgüt hem-de Ýewropanyň utgaşyklygy boýunça içgin çemeleşýän bolsalar, ýeňilleşdiriji we ylalaşdyryjy pozisiýa eýelemeli, dalaşgär ýurt Türkiýä ynamsyz çemeleşmeli däl, ýurtlaryň arasyndaky jedelli meselelerde adaladyň ýanynda durmaly we tarap tutmaly däl” diýilýär.
ÝP-niň Baş Assambleýasynda Gündogar Ortaýer Deňizi meselesinde Türkiä kabuledilmesiz masahatlary öz içine alýan teklip kabul edilipdi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 144 boldy.