“Makron Meseleleriň Üstüne Benzin Dökýär”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar meseleleriň çözülmegini Makronyň bökdeýändigini beýan etdi

1493164
“Makron Meseleleriň Üstüne Benzin Dökýär”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly meseleleriň üstüne benzin dökýändigini, onuň hem çykgynsyzlyk emele getirýändigini aýtdy.

Akar Britaniýanyň “Çannel 1” teleýaýlymyna beren beýannamasynda Gündogar Ortaýer deňizindäki uglewodorod gözlegleri hakynda Türkiýänin öz kontinental şiftinde ozalkysy ýaly dolulygyna tehniki, ylmy barlaglar geçirýändigini beýan edip: “Öz hukugymyzdan peýdalanýarys. Bu taýda haýsydyr bir meçew berme ýok” diýdi.

Akar Fransiýanyň Prezidenti Makronyň Türkiýä garşy beýanatlary barada bolsa, Türkiýäniň parahatçylygyň, dialogyň tarapynda durýandygyny we şol ugurda tagalla edýändigini aýtdy. Şonuň bilen birlikde Türkiýäniň hak-hukugyndan hem peýdalanmaga dowam etjekdigini beýan eden Akar: “Hormatly Makron öz meseleleriniň üstüni ýapmak üçin käbir oýunlaryň kül-külüne düşdi. Müňlerçe kilometrden gelip, Gündogar Ortaýer deňizinde pozisiýa eýelemäge synanşýar. Bular nädogry zatlar. Biz öz hakymyzy, hukugymyzy goraýarys we elmymdama Gresiýa bilen gepleşik geçirmäge, dialogy dowam etdirmäge taýardygymyzy beýan etdik, etmäge-de dowam edýäris. Beýleki tarapdan dürli şertlerde ýygy-ýygydan sanksiýalary gün tertibine getirmek hem abaý-syýasatdyr. Dartgynlygy möwjetmekden başga derde ýaramaýar. Çözgüde däl, çözgütsizlige goşant goşýar olar. ÝB-niň bu meselede düzgün goýma, düzgünkeri üýtgetme, serhetleri kesgitleme ygtyýary ýok. Bu ýerde haky, hukugy özümize laýyklykda däl, ähliumumy hukugyň düzgünleri berjaý edilmeli. Hormatly Makron meseleleriň üstüne benzin dökýär. Ol hem çözgüdiň tapylmagyna zyýan ýetirýär” diýdi.

Türkiýäniň hukuklaryna äsgermezçilik edilmegine we gözboýagçylyga ýok bermejekdigini ýene-de bir gezek nygtan akar, oňa hemle, abaý-syýasat hökmünde düşünilmeli däldigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar