“Aksungur” 20 Müň Fit Belentlikde 1 Günden Gowrak Uçdy

Uçarmansyz howa ulagy “Aksungur” ençeme özboluşlygy bilen ünsleri çekýär

1493141
“Aksungur” 20 Müň Fit Belentlikde 1 Günden Gowrak Uçdy

“Türk Awiasiýa we Kosmos Senagaty” (TUSAŞ) tarapyndan dizaýn edilip, öndürilen uçarmansyz howa ulagy “Aksungur” ilkinji gezek doly ýarag üpjünçiligi bilen 20 müň fit belentlikde bir günden gowrak uçdy.

“TUSAŞ-dan” berilen beýannama görä “Aksungur” bilen bagly işler ýokary depginde dowam etdirilýär.

Mundan ozal 49 sagat arakesmesiz uçan “Aksungur” beýleki amatlyklary we ukyplary bilen hem ünsleri çekýär.

750 kilogram ýük gatnatma ukyby bilen gije-gündiz ähli howa şertlerinde maglumat, gözegçilik, barlag we hüjüm işlerini amala aşyryp bilýän “Aksungur”, “ROKETSAN” tarapyndan öndürilen 12 sany MAM-L ýaragy bilen 28 sagat uçdy.

“Aksungur” 6 bekedini dolduryp, ilkinji gezek 12 sany MAM-L bilen 1 günden gowrak uçuş amala aşyrdy.



Degişli Habarlar