Türkiýe-Gresiýa Harby maslahatyň 4-njisi tamamlandy

Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlyk dowam edýärkä NATO-nyň Ştab kwartirasynda çaknyşyk howpyny ortadan aýyrmak üçin gepleşikler dowam edýär

1492401
Türkiýe-Gresiýa Harby maslahatyň 4-njisi tamamlandy

NATO-nyň Ştab kwartirasynda geçirilen Türkiýe bilen Gresiýanyň harby wekiliýetleriniň arasyndaky “Tapawutlandyryş Usullary” boýunça tehniki maslahatyň 4-njisi öz işini tamamlady. 

Türkiýäniň we Gresiýanyň harby wekiliýetleri şu gün 4-nji gezek NATO-nyň Brýusseldäki Ştab kwartirasynda duşuşyk geçirdiler.

Türkiýäniň Milli goranmak ministrliginden berilen beýanatda: “Türkiýe bilen Gresiýanyň Harby wekiliýetleriniň arasynda Tapawutlandyryş usullarynyň ara alynyp maslahatlaşylan tehniki maslahat öz işini tamamlady. Nobatdaky maslahatyň öňümizdäki hepde geçirilmegi meýilleşdirilýär” diýip habar berildi. 

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň başlangyjy bilen Türkiýäniň we Gresiýanyň arasyndaky tehniki gepleşikler 3 hepde ozal başlapdy.



Degişli Habarlar