Terror Guramasy PKK/ÝPG-a Agza 11 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçylar “Parahatçylyk Çeşmesi” we “Ýefrat Galkany” operasiýalary zolagyna girmäge çalyşdy

1492231
Terror Guramasy PKK/ÝPG-a Agza 11 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” we “Ýefrat Galkany” operasiýalary zolagynda terror guramasy PKK/ÝPG-a agza 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden mesele hakynda berlen beýanatda, terrorçylaryň “Parahatçylyk Çeşmesi” we “Ýefrat Galkany” operasiýalary zolagyna girmäge çalyşandygy we ot açandygy nygtaldy.

Beýanatda terror guramasy PKK/ÝPG-a agza 11 terrorçynyň Türk ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Türk ýaragly güýçleri bilen Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan 2016-njy ýylyň awgust aýynda Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy DAIŞ-e we ÝPG/PKK-a garşy “Ýefrat Galkany” 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa sebitde terror koridoryny açmaga synanşan PKK/ÝPG-ä garşy “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy başladylypdy.

Operasiýalarda Siriýanyň demirgazygy terrordan saplanypdy.



Degişli Habarlar