Siirt welaýatynda 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siirt welaýatynda geçirilýän Ýyldyrym-11 Herekol operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1491931
Siirt welaýatynda 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Ýyldyrym-11 Herekol operasiýasynyň çäginde Žandarmanyň komandos toparynyň we Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparynyň şu gün Siirt welaýatynda 5 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi. 

Süleýman Soýlu, soňky 1 hepdede 22 terrorçynyň öli ýagdaýda, 5 terrorçynyň howpsuzlyk güýçlerine boýun egmegi esasynda we 2 terrorçynyň diri ýagdaýda bolmak bilen jemi 29 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar