Prezident Erdogan Ýaponiýanyň täze Premýer ministrini gutlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ýaponiýanyň Premýer ministri wezipesine täze saýlanan Suga Ýosihidä gutlag hatyny ugratdy

1491762
Prezident Erdogan Ýaponiýanyň täze Premýer ministrini gutlady

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ýaponiýanyň Premýer ministri we Demokrat partiýanyň başlygy wezipesine saýlanan Suga Ýosihidä gutlag hatyny ugradyp, ony täze wezipesi bilen gutlady. 

Türkiýe bilen Ýaponiýanyň arasyndaky taryhy dostlukly gatnaşyklaryň düýbüniň 130 ýyl ozal şu gün, ýagny 1890-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Kuşimoto şäherçesinde "Ertugrul fregady hadysasy" bilen tutulandygyny aýdan Erdogan: "Siziň Alyhezretleriňiziň bu möhüm wezipä, bular ýaly manyly bir günde saýlanmagyňyz, dostlukly taryhymyz taýdan täsin bir utgaşyklyk boldy. Bu taryhy dostlugymyzy, 2013-nji ýylda geçen strategik hyzmatdaşlyk düşünjesiniň esasynda, Siziň Alyhezretleriňiziň öňbaşçylyk etmeginde we goşjak goşantlary bilen has hem özgerjekdigine ynanýaryn" diýip belledi.

Prezident Erdogan: "Geografik aradaşlyga garamazdan biri-biri bilen köňülden goňşy bolan türk we ýapon milletleriniň, tüýs ýüregimizden etjek tagallalarymyz bilen halkara jemgyýeti ugrukdyryp, goşant goşup biljekdigimize ynanýaryn. Bu düşünje bilen ikitaraplaýyn sebitleýin we halkara meselelerde Siziň Alyhezretleriňiz bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmekden hoşal bolaryn. Şu pursatdan peýdalanyp size berk jan-saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly Ýaponiýanyň halkyna bolsa abadançylyk we durnuklylyk dileýärin" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar