Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Izmir, Aýdyn we Mugla welaýatlarynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 76 bosgun halas edildi

1490967
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan berilen beýanata görä, Izmir welaýatynyň Foça etrabynyň Aslan Burnu diýilýän ýeriniň suw giňişliginde 11 bosgin, Karaburun etrabynyň suw giňişliginde 37 bosgun, Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynyň Dawutlar diýilen ýeriň suw giňişliginde 19 bosgun we Mugla welaýatynyň Marmaris etrabynyň Alaja Burnu diýilen ýeriň suw giňişliginde bolsa ýene-de 9 bosgun halas edilip, kenara çykaryldy. 

Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 76 bosgun Welaýat Migrasiýa gullugyna gönükdirildi. 



Degişli Habarlar