“Erdogan Bilen Duşuşmaga Taýar”

Gresiýanyň Premýer ministri Miçotakis, Prezident Erdogan bilen duşuşmaga taýardygyny belledi

1490053
“Erdogan Bilen Duşuşmaga Taýar”

 

Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakis, Türkiýe bilen aralaryndaky dartgynlyk ortadan aýrylan halatynda Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşmaga taýardygyny aýtdy.

Kirýakos Miçotakis, Salonikde metbugata beren beýanatynda, Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän dartgynlyk we Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklary barada maglumat berdi.

Oruç Reis seismiki barlag gämisiniň Antalýa dolanmagyny “oňyn ilkinji ädim” hökmünde häsiýetlendiren Miçotakis, şuňa meňzeş oňyn wakalar dowam eden halatynda, Türkiýe bilen geňeşmeleriň geçirilmegine taýardygyny aýtdy.

Miçotakis, geňeşmeleriň başlamagynyň umumy ýagdaýa baglydygyny nygtap “Geçmişde hem oňyn wakalary gördük emma yzy ýanyndan oňaýsyz wakalar başdan geçirildi” diýdi.

Miçotakis, mundan başgada “Egeý adalarynyň ýaraglandyrylmagynyň gün tertibinde bolmandygyny, munyň alynky gepleşiklerde seljerilmändigini we seljerilmejekdigini” öňe sürdi.

Miçotakis, Prezident Erdogan hakyndaky soraga “Dartgynlyk ortadan aýrylan halatynda men Erdogan bilen duşuşmaga taýar” diýip jogap berdi.

Iki ýurduň arasynda 2002-nji ýylda başladylan geňeşmeleriň soňkusy 2016-njy ýylyň 1-nji martynda Afinida geçirlipdi. Şol günden soň iki ýurduň arasyndaky gepleşikler syýasy gepleşikler formatynda dowam etdi.



Degişli Habarlar