Energetika we tebigy serişdeler ministrligi "Oruç Reis" gämisi bilen baglanşykly beýanat berdi

Türkiýe Ortaýer deňizinde halkara hukuga laýyklykda gözleg we buraw işlerini arakesmesiz ýagdaýda dowam etdirýär

1490184
Energetika we tebigy serişdeler ministrligi "Oruç Reis" gämisi bilen baglanşykly beýanat berdi

Energetika we tebigy serişdeler ministrligi, "Oruç Reis" seýsmik ylmy-derňew gämisiniň Türkiýedäki porta gaýdyp gelmeginiň, aýlyk döwürleýin tehniki gözden geçirilişden ybaratdygyny habar berdi

Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, "Oruç Reis" gämisiniň 10-njy awgustda Ortaýer deňizindäki Demre-1 diýilýän ýerde seýsmik gözleg we derňew işlerine başlandygy ýatladyldy. 

Gäminiň şu günki güne çenli ady agzalan ýerde 3 müň 525 ind kilometrlik seýsmik maglumat ýygnandygy aýdylýan beýanatda: "Oruç Reis gämisi iş düzgünlerine laýyklykda aýda bir gezek meýilnamalaýyn gözden geçiriliş, işgärleriň çalşylmagy we nobatdaky işler üçin porta gaýdyp gelýär. Aýlyk döwürleýin ýangyç we gözden geçiriliş üçin porta gaýdyp gelmegi, hemişe amala aşyrýan işidir. Gämi taýarlyk we gözden geçiriliş işlerinden soň seýsmik gözleg we derňew işlerini dowam etdirer" diýip aýan edildi. 

Beýanatda mundan başgada Türkiýäniň Ortaýer deňizinde halkara hukuga laýyklykda gözleg we buraw işlerini arakesmesiz ýagdaýda dowam etdirýändigi bellenip, Ýawuz we Barbaros Haýreddin Paşa gämileriniň Gündogar Ortaýer deňizinde işlerini dowam etdirýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar