Hulusi Akar: “Biz gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň tarapdarydyrys” diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň serkerdeleri Antalýa welaýatynyň Kaş etrabynda geçirilen çärelere gatnaşdylar

1489671
Hulusi Akar: “Biz gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň tarapdarydyrys” diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlyk bilen baglanşykly: “Biz gowy goňşuçylyk gatnaşyklary üçin näme edilýän bolsa etdik. Beýleki tarapdan hem şoňa garaşýarys” diýip belledi.

Hulusi Akar, Topçy kapitan Mustafa Ertygrul Akeriň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen hatyralama dabarasynda Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän dartgynlygyň üstünde durup geçdi.

Hulusi Akar: “Biz hemişe dialogyň, syýasy çözgüdiň tarapdary boldyk. Biz gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň tarapdarydyrys. Biz gowy goňşuçylyk gatnaşyklary üçin näme edilýän bolsa etdik. Beýleki tarapdan hem şoňa garaşýarys. Gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barmak isleýäris. Biziň hereketlerimize oňyn jogap berilen halatynda, iň gysga wagtda sebitiň parahatçylyk we asudalyk sebitiniň bolmagyny ählimiz bilelikde üpjün edip bileris. Şondan hoşal bolarys” diýip nygtady.



Degişli Habarlar