Grek esgerler kiçijek gyzy od açyp ýaraladylar

Gresiýanyň Serhet gullugynyň esgerleriň, bosgunlara plastik oklar bilen od açmagy netijesinde 8 ýaşyndaky Gazin Abdu atly kiçijek gyz aýagyndan ýaralandy

1489723
Grek esgerler kiçijek gyzy od açyp ýaraladylar

Türkiýäniň Howpsuzlyk güýçleri, Edirne welaýatynyň Meriç etrabynda Gresiýa serhediniň golaýynda Siriýaly, 1-i aýagyndan ýaralanan jemi 9 bosgunyň bardygyny anykladylar. 

Ýaralanan kiçijek gyz Gazin Abdu, hassahanda bejergi astyna alyndy. 

Gazin Abdunyň dogany 19 ýaşyndaky Hazar Abdu, Ýewropa gitmek üçin Gresiýa serhedine gelendiklerini habar berdi. 

Maşgalasy bilen Ýewropa gitmegi deňändiklerini aýdan Hazar Abdu: "Grek esgerler serhetde bize od açdylar. Gyz jigim aýagyndan 2 plastik ok bilen ýaralandy. Ondan soň bolsa paýyş söz aýtdylar, yzyňyza gaýdyň diýdiler. Türkiýäniň polisiýa işgärleri bize kömek etdi, merkeze alyp gitdiler. Bizi hassahana alyp gitdiler, jigim bejergi astyna alyndy" diýip beýan etdi. 

Gazin Abdu hem öz gezeginde Türkiýä minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar